Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-nyň baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda tegelek stol geçirildi.

DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, bu çärä Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurtlarynyň diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň işiniň dowamynda Türkmenistanyň BSG-nda goşulýan ýurt derejesine eýe bolmagy, Türkmenistanyň daşary söwdasynda ýagdaýynyň berkemegine, ynamly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine şeýle-de, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Türkmenistanyň guramaçylykly hyzmatdaşlygynyň berkidelmegine we bu ugurlar boýunça toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegine ýardam berer diýip bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew maslahatda çykyş etmek bilen, biziň döwletimiziň esasy maksady Bütindünýä Söwda Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagyndan ybaratdyr diýip aýratyn belläp geçdi. Bu ugurda Türkmenistan gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmekde yzygider tagallalary dowam etdirer.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada
BSG Türkmenistanyň gurama goşulmak boýunça taýýarlyk işine ýokary baha berdi
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşýar
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
BSGG-nyň başlygy hantawirus gämisiniň ýolagçylarynyň ewakuasiýa edilmegi üçin Ispaniýa gidýär