Aşgabatda Çipollino baradaky erteki orkestriň gatnaşmagynda ýerine ýetiriler

Aşgabatda Çipollino baradaky erteki orkestriň gatnaşmagynda ýerine ýetiriler

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boljak Orkestrli erteki çykyşyna gatnaşyp bilerler.

Dabarada tomaşaçylar Resul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda hem-de aktýor Wasiliý Andronowyň okamagynda görkeziljek Janni Rodariniň Çipollinonyň başdangeçirmeleri atly ertekisine tomaşa ederler.

Bu erteki ýaş tomaşaçylar üçin aýratyn sowgat bolar.

Dabara 12:00-da hem-de 14:00-da başlanar.

Petekleri satyn almak üçin şu telefon belgiler arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 22 38 98; 51 41 57; 863 46 71 77; 864 03 74 56.

Sogan-oglanjyk baradaky bu täsin ertekini italýan ýazyjysy Janni Rodari geçen asyryň ortalaryna ýazdy. Eserde Çipollino baýlaryň garyplara garşy edýän rehimsizligine hem-de adalatsyzlyga garşy göreş alyp barýan batyrgaý gahryman bolup çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

WENA. BELGRAD. AŞGABAT
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
05.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiprokuratura edaralarynyň ulgamynda işgärleri wezipä belledi
08.12.2017 | Resmi habarlar