WENA. BELGRAD. AŞGABAT

WENA. BELGRAD. AŞGABAT

Baýroýt ajaýyp Bawar şäheridir. Ol özüne gadymy orta asyrlaryň we häzirki döwrüň ruhuny siňdiren, Ýewropanyň aýdym-saz medeniýetine aýratyn täsir eden Rihard Wagner ýaly şahsyýeti bilen dünýä bellidir. Onuň esaslandyrmagynda bu şäherde her ýyl tomus aýdym-saz festiwaly geçirilýär.

Wagner festiwalynyň çäginde Baýroýtda 1950-nji ýylda esaslandyrylan ýaş ussatlar festiwaly hem uly üstünlikli geçirilýär we Bawariýanyň paýtagtyna dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalarynyň ünsüni çekýär.

Bu ýyl bolsa 73-nji ýaş ussatlaryň festiwalyna 520-den gowrak ýerine ýetirijiler we 30 töweregi döwletden medeni wekiller bir ýere jemlendi.Olaryň arasynda Resul Klyçewyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri hem bar.

Bu aýdym-saz topary üçin Baýroýt ýaşlar festiwalyna gatnaşmak indi däbe öwrüldi.Birnäçe ýyl bäri ýaş türkmen sazandalary Bawariýanyň ajaýyp ýerleriniň dürli sahnalarynda çykyş edip, festiwalyň gatnaşyjylaryny we myhmanlaryny türkmen halkynyň aýdym-saz medeniýeti bilen tanyşdyrýarlar.

Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri Resul Klyçewyň ýolbaşçylygynda daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy we häzirki zaman sazlaryndan ybarat bolan çykyşlary taýýarladylar. Şeýle-de milli aýdym-sazlaryň arasyndan Çary Nurymowyň, Nury Halmämedowyň, Rejep Allaýarowyň, Nury Hojamuhammedowyň belli eserleri saýlandy.

2-nji awgustda türkmen sazandalary Ýokarky Palatinanyň iň gözel ýerleriniň biri bolan XII asyryň Şpaýnshart monastyr ybadathanasynda Garagumyň şemallarynyň sesleri atly ilkinji baýramçylyk konsertini ýerine ýetirdiler.Konsertde R.Alaýarowyň Simfoniki orkestr üçin üç tans aýlawyndan iki tans, Ç.Nurymowyň goboý we kamera orkestri üçin Gözeller (solo - Didar Ýomudow), E.

Elgaryň kirişli orkestri üçin serenada, F.Pulenkanyň tüýdük üçin Sonata (solo - Selbi Öwezowa), N.Hojamuhammedowyň tüýdük, klarnet we orkestr üçin konserti (Selbi Öwezowa - tüýdük, Ýüsüp Öwezow - klarnet) ýerine ýetirildi.

Sazlary N.Halmämedowyň awtorlygynda döredilen Aýgytly ädim filminden bölekler görkezildi.

3-nji awgustda geçirilen festiwalyň açylyşynda kamera orkestri Ç.Nurymowyň eserlerini ýerine ýetirdi.

Gözel Annahanowanyň ýerine ýetiren Aşyr aganyň hötjetligi filminden Düwmeler aýdymy hem-de Mukamyň syry filminden Karkaranyň aýdymy has-da täsirli boldy. Solistiň owadan we mylaýym sopranosynda halk aýdym aýtmak usulyna ýakyn häsiýetli intonasiýa bar. Şol meýilnama bilen topar 4-nji awgustda Bindlah şäherindäki Keramatly Warfolomeý ybadathanasynda çykyş etdi.

Esasy dabara 6-njy awgustda Baýroýtdaky Das Zentrum konsert zalynda Wena. Belgrad. Aşgabat ady bilen geçirildi. Dabaranyň meýilnamasy Motsartyň iki fortepiano we orkestr üçin, ýaş serb kompozitory Igor Andriçiň iki fortepiano we orkestr üçin, şeýle-de Ç.Nurymowyň fortepiano we orkestr üçin konsertlerini öz içine aldy.

Festiwalyň ähli konsertlerinde tomaşaçylaryň türkmen sazandalarynyň çykyşlaryna şatlykly epçarpyşmalary ýakymly pursatlary döretdi. Orkestr türkmen aýdym-sazynyň muşdaklarynyň ýüregini gazanmagy başardy.

Baýroýt festiwaly ýaş artistlar üçin hakyky baýramçylykdyr. Bu ýerde dünýäniň dürli künjeginden gelen ýaş sazandalar özboluşly sazlaşykda mukamlar dünýäsine syýahat etmek üçin ýygnanýarlar. Festiwal halklaryň medeniýetini ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Aşgabatda Çipollino baradaky erteki orkestriň gatnaşmagynda ýerine ýetiriler
05.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiprokuratura edaralarynyň ulgamynda işgärleri wezipä belledi