Aşgabatda dünýä belli Lc Waikiki haryt nyşanly egin-eşik dükany işe başlady

Aşgabatda dünýä belli Lc Waikiki haryt nyşanly egin-eşik dükany işe başlady

Dünýä belli bolan Lc Waikiki haryt nyşanly fransuz-türk egin-eşik kompaniýasynyň Türkmenistandaky ilkinji resmi wekiliniň Aşgabatdaky Berkarar söwda we medeni-dynç alyş merkezinde täze dükany işe başlar. Egin-eşik dükanynyň açylyş dabarasy şu ýylyň 13-nji maýynda geçiriler.

Ýokary hilli egin-eşik dükany Berkarar söwda we medeni-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýär.

Lc Waikiki indi öz müşderilerini döwrebap biçüwdäki egin-eşikler bilen üpjün eder. Indi müşderiler onlaýn dükanlardan göwün islän egin-eşiklerini sargyt edip, birnäçe hepde garaşmaly bolmazlar. Çünki Lc Waikiki dükany alyjylara dürli görnüşdäki lybaslary amatly bahadan hödürleýär.

Täze dükan amatly ýerde ýerleşip, onda zenanlar, erkekler, şeýle-de çagalar üçin egin-eşikleriň giň toplumyny hödürlenýär.

Berkarar söwda we medeni-dynç alyş merkezindäki Lc Waikiki dükanynyň beýleki egin-eşik dükanlaryndan tapawutly tarapy, bu ýerdäki harytlaryň bahasy Türkiýeden onlaýn dükanlar arkaly getirilýän egin-eşikleriň bahasy bilen birmeňzeş bolmagydyr.

Indi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary dünýä belli Lc Waikikiniň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa egin-eşiklerini amatly bahalardan satyn alyp bilerler.

Lc Waikiki haryt nyşanly dünýä belli egin-eşik kompaniýasynyň dünýäniň 47 ýurdunda 1047 dükany hereket edýär. Bu bolsa Lc Waikikiniň dünýä meşhurdygyny has-da äşgär edýär.

Lc Waikiki — Her bir adam gowy geýinmäge mynasypdyr diýen jümle bilen öz müşderilerini hemişe döwrebap egin-eşikler bilen begendirip durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri Beýik Britaniýada geçirilýän azyk önümleriniň halkara sergisine çagyrylýar
Aşgabatda LC Waikiki şereketiniň dükany açyldy, Russiýa ýörite uçuş amala aşyrylar, futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky çempionat başlandy, paýtagtyň teatrlary dynç günleri üçin taýýarlan repertuarlary bilen tanyşdyrdy we beýleki täzelikler
Hytaýda 66 Millionlyk Dinozawr Embriosy Tapyldy
Halkara 'Memorial international' guramasyny ýapmak boýunça sud diňlenişigi dowam edýär
Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary ýurduň adyny üýtgetmegi talap edýärler
Horwatiýanyň Rimac Nevara giperkary täze dünýä rekordyny goýdy