Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary ýurduň adyny üýtgetmegi talap edýärler

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary ýurduň adyny üýtgetmegi talap edýärler

“Maori partiýasynyň” liderleri Täze Zelandiýanyň adyny 2026-njy ýyla çenli “Aotearoa” polineziýa adyna üýtgetmegi we ähli şäherlere maori adyny bermegi talap edýän arza gol ýygnap başladylar. Bu barada RNZ radiosyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Ýurduň ýerli ýaşaýjylarynyň syýasy guramasynyň egindeş başlyklary Rawiri Waititi bilen Debbi Ngarewa-Pakeriň pikiriçe, asyl atlar ýoýulýar, kabul edilmeýär we ähmiýet berilmeýär.

Ngarewa-Pakeriň aýtmagyna görä, kolonial bilim we XX asyryň başynda ýer atlarynyň iňlis atlaryna üýtgedilmegi Täze Zelandiýanyň häzirki ýerli ýaşaýjylarynyň ata-babalarynyň ene dilinde gürlemek ukybynyň 1910-njy ýyldaky 90 göterimden 1950-nji ýylda 23 göterime çenli peselmegine getirdi. Maori ilatyň, takmynan, 15%-ini emele getirýär, ýöne ýaşaýjylaryň diňe üç göterimi bu dilde gürleýär.

Premýer-ministr Jasinde Ardern adyň üýtgedilmegine garşy çykdy: “Biz Täze Zelandiýanyň adyny resmi taýdan üýtgetmegi meýilleşdirmeýäris. Ýöne şol bir wagtyň özünde men adamlaryň ýerleriň dürli atlaryny bile ulanýandygyna begenýändigimi aýdasym gelýär we meniň pikirimçe, bu tejribe hasam giňeldiler”.

Onuň aýtmagyna görä, maori dili iňlis dili bilen birlikde resmi diýlip ykrar edildi, ýerleriň asyl atlary geljekde-de “biri-biriniň deregini tutup” ulanylar. Maori dilinden gelip çykan “Aotearoa” ady maori ata-babalarynyň Täze Zelandiýa adalarynyň üstünde sekiz asyr mundan öň sekiz sany uly kanoe gaýygynda ummany kesip geçenlerinde gören “Uzyn ak buludyny” aňladýar.

Ýene degişli makalalar

Milli partiýanyň ýeňşi
Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy
Türkiýe, Hindistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Ysraýyl palestinaly 5 çagany göz tussaglygyna alanyndan birnäçe wagt soň azat etdi
Kanadada derýa ýuridik şahs hukugy berildi
Welaýati: Marokkanyň sionist režimi bilen gatnaşyklarynyň kadalaşdyrmagy Yslam dünýäsine dönüklikdir