Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada gundeliýa ösümligini ýygnaýan palestinaly 5 çagany göz tussaglygyna alanlaryndan birnäçe wagt soň, azat etdi.
Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, ýaşlary 8 bilen 12 aralygynda üýtgeýän 3-si dogan bolan jemi 5 palestinaly çaga, El Halil şäheriniň golaýyndaky Mesafer Ýatta diýilen ýerde gundeliýa ösümligini ýygnamaga çykdylar.
Gundeliýa ösümligini ýygnaýan palestinaly çagalar, Mesafer Ýattanyň golaýyndaky bikanun ýaşaýyş ýeri bolan Hawat Maon diýilen ýerde ýaşaýan jöhit ýaşaýjylar tarapyndan sebitden kowuldy.
Ondan soň bolsa jöhit ýaşaýjylar tarapyndan çagyrylan ysraýylly esgerler, şol ýere baryp palestinaly 5 çagany göz tussaglygyna aldylar.
Ysraýylyň goşuny tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda çagalaryň hususy ýere girendikleri öňe sürüldi.
Beýanatda esgerleriň palestinaly çagalary golaýdaky polisiýa merkezine alyp gidendikleri we birnäçe wagt soň azat edendikleri habar berildi.