Moskwada Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna ýaryş geçirildi

Moskwada Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna ýaryş geçirildi

17-nji sentýabr - anna güni Moskwada Habib Nurmagomedowyň merhum kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna ýaryş geçirildi. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ýaryş Habib Nurmagomedowyň EFC ​​ligasy tarapyndan AMC Fight Night promouşeni bilen bilelikde geçirildi. Oňa Russiýa, Täjigistan, Ukraina, Azerbaýjan, Özbegistan, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlardan bolan onlarça türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Has ýeňil agramda: Ahmat Tokaýew (4-1) Şahzod Abdurahmonowy (2-3) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund, 1:11). Ýarym orta agramda: Maor Maasiaýew (3-1) Omajon Otajonowy (2-1) ýeňdi - demikdiriji emel (1-nji raund, 4:54).

Has ýeňil agramda: Israýyl Hajiagaýew Aržaan Çylbaky (1-2) ýeňdi - eminleriň biragyzdan karary bilen. Ýarym ýeňil agramda: Imran Satiýew (15-0-1) Rustam Maçidowy (1-1) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund, 3:23). Ýarym ýeňil agramda: Sabit Žusupow (11-3-1) Nurbek Abdykadyrowy (4-2) ýeňdi - eminleriň biragyzdan karary bilen.

Agyr agramda: Ibragim Çujigaýew (15-5) Ýewgeniý Mýakinkini (14-11-1) ýeňdi - tehniki nokaut (3-nji raund, 2:47). Ýarym orta agramda: Dinislam Kamawow (12-1) Konstantin Çerdiçenkony (10-11) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund, 0:58). Ýeňil agramda: Timur Hizriýew (11-0) Ruslan Ryskuly (4-2) ýeňdi - demikdiriji emel (1-nji raund, 3:06). Ýeňil agramda (aralyk - 74 kg): Nurullo Aliýew (6-0) Kirill Krýukowy (8-3-1) ýeňdi - eminleriň biragyzdan karary bilen. Ýarym orta agramda: Saýgid Izagahmaýew (19-2) Maksim Butorini (18-4-1) ýeňdi - demikdiriji emel (2-nji raund, 4:41). Ýarym orta agramda (titul ugrundaky söweş): Samandar Murodow (7-0) Maksim Şwetsi (19-4) ýeňdi - tehniki nokaut (4-nji raund, 4:43). Ýeňil agramda (titul ugrundaky söweş): Nariman Abassow (27-3) Şamil Zawurowy (40-7) ýeňdi - tehniki nokaut (1-nji raund. 4:12).

Ýene degişli makalalar

CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Usman Nurmagomedow Bellatoryň reýtinginde birinji ýere çykdy
Habib bedeniňi sagdyn saklamak boýunça maslahatlaryny berdi