Kanadada derýa ýuridik şahs hukugy berildi

Kanadada derýa ýuridik şahs hukugy berildi

Kanadanyň Kwebek welaýatyndaky Megpaý derýasyna ýuridik şahs hukugy berildi. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurduň Hökümeti, Daşky gurşawy goramak ministrligi we Innu etnik toparynyň agzalary derýany Gidro-Kwebek gidroelektrik kompaniýasyndan goramaklygy baş maksat edinýär. Bu barada CTV News web sahypasy habar berýär.

Derýa ýuridik şahs hukugyny bermeklik hakyndaky karar Kanada ilkinji gezek kabul edildi. Bu kararyň kabul edilmegi Täze Zelandiýada 2017-nji ýylda kabul edilen şuňa meňzeş karara esaslandy. Şol döwürde Maori taýpasynyň

Wanganui derýasyna ýuridik şahs hukugyny bermeklik baradaky teklibi Täze Zelandiýanyň Hökümeti kanagatlandyrylypdy.

Indi Kanadadaky Megpaý derýasynyň ýörite hukuklary bar. Bu hukugy goramaklyk bu derýanyň kenar ýakasynda ýaşaýan adamlaryň hossarlygy astynda amala aşyrylar.

Kanadaky Gidro-Kwebek gidroelektrik kompaniýasy ýurduň Megpaý derýasynda bent gurmaklyk isleýändigini mälim edeninden soň, bu derýa ýuridik şahs hukugy berildi. Ýöne,

Kanadanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Gidro-Kwebek gidroelektrik kompaniýasynyň ýurduň daşky gurşaw kanunlaryndan ýüz öwürmeginden aladalanýar.

Ýene degişli makalalar

Milli partiýanyň ýeňşi
Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy
AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Hytaýyň çagalar edebiýaty