Hytaý 2027-nji ýyla çenli “emeli Gün” diýlip atlandyrylýan synag maksatly termoýadro reaktorynyň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mao Nin habar berdi.
Mao Niniň sözlerine görä, bu elektrik energiýasyny öndürip bilýän dünýäde ilkinji desga bolup biler. Ol Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Plazma fizikasy institutynda işlenip düzüldi. Reaktor Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde gurulýar.
400 tonnalyk desga ägirt uly termos ýaly işleýär. Onuň supergeçiriji magnitleri deýteriýa we tritiýadan ybarat bolan plazmany saklamak üçin 269 gradusa çenli sowadylýar.