Aşgabatda Dutaryň owazy atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi Begdurdy Çerkezowyň konserti geçiriler

Aşgabatda Dutaryň owazy atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi Begdurdy Çerkezowyň konserti geçiriler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi Begdurdy Çerkezowyň Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan konserti geçiriler.

Konsertde türkmen kompozitorlarynyň nusgawy eserleridir aýdymlary, operalardan ariýalar, şeýle hem daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden aýdymlar ýerine ýetiriler. Konsertde Begdurdy Çerkezowa mekdebiň mugallymy fortepianada sazandarlyk eder.

Konsert 25-nji dekabrda Sazçylyk mekdebinde geçiriler. Konsert 11:00-da başlaýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen Binasy atly Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen konsert
Begdurdy Çerkezow Moskwada geçirilen sungat festiwalynda üstünlik gazanmagy başardy
Mukama siňen ömür atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
Halypa hatyrasy