Aşgabatda ekologik çäre geçirildi

Aşgabatda ekologik çäre geçirildi

Aşgabat medenidynç alyş seýilgähinde Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň! ady bilen ekologik çäre geçirildi.

Ekologik çäräniň çäklerinde Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy hemde Dizaýn plus döredijilik jemgyýeti tarapyndan taýýarlanan sergiýarmarka hem guraldy. Çärä gatnaşyjylar ussat senetçileriň taýýarlan amalyhaşam sungatynyň hemde halk senetçiliginiň dürli görnüşli eserleri bilen tanyşdylar. Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, milli äheňdäki sowgatlyk önümlerem sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň dowamynda Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň hemaýatkärliginde geçirilen açyk sapak milli senetçilik önümleri bolan haly dokamagyň, keçe basmagyň, keşde çekmegiň, keteni taýýarlamagyň usullaryna bagyşlandy.

Ekologik çärä gatnaşyjylara Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan Ekomoda we millilik atly lybaslar toplumy görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Erikgalaly we türkmenabatly hünärmenler Aşgabatdaky kiçi ýarmarkada öz işlerini görkezerler
Alpha Home taslamanyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasy bilen otagyň dizaýny boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Ýaş dizaýnerleriñ bilim netijeleri
Serdar Berdimuhamedow Ak şäherim Aşgabat atly XXII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady
Iordaniýaly gyz azyk galyndylaryndan egin-eşik döredýär
Dizaýn-master studiýasy türkmenistanlylara otagyň içki bezegi boýunça hyzmatlaryny hödürleýär