Serdar Berdimuhamedow Ak şäherim Aşgabat atly XXII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

Serdar Berdimuhamedow Ak şäherim Aşgabat atly XXII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ak şäherim Aşgabat atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, indi köp ýyllar bäri guralýan Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär.Dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri beýan etmäge mümkinçilik berýär we halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän bu sergi aşgabatlylarda hem-de paýtagtyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.Aziýanyň merjen şäheri diýen ykrarnama eýe bolan Aşgabatda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Ak mermerli Aşgabat ýurduň kuwwatynyň artýandygynyň, dowam edýän özgertmeleriň üstünliklere eýe bolýandygynyň nyşanydyr.Aşgabat dünýäniň iň gözel we has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Ýurduň baş şäheriniň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine hem öwrülýär.Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi.

Dünýäniň şäherleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Dizaýn ugry boýunça Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda hem zerur çäreler amala aşyrylar.

Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň paýtagtynyň ýurduň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdigine berk ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Ýene degişli makalalar

Erikgalaly we türkmenabatly hünärmenler Aşgabatdaky kiçi ýarmarkada öz işlerini görkezerler
Alpha Home taslamanyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasy bilen otagyň dizaýny boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Ýaş dizaýnerleriñ bilim netijeleri
Aşgabatda ekologik çäre geçirildi
Iordaniýaly gyz azyk galyndylaryndan egin-eşik döredýär
Dizaýn-master studiýasy türkmenistanlylara otagyň içki bezegi boýunça hyzmatlaryny hödürleýär