Aşgabatda ekologiýa boýunça halkara maslahat geçirilýär

Aşgabatda ekologiýa boýunça halkara maslahat geçirilýär

Şu gün Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak hem-de şorlaşan çäklerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, çäre BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Ählumumy ekologiýa gaznasynyň sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guralýar.Ol Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişleri girizmek boýunça Milli maslahatyň maksatnamasyny öz içine alýar.

Halkara maslahata gatnaşyjylar tokaý zolaklaryny peýdalanmagyň ugurlaryny we onuň durnukly usullaryny işläp taýýarlmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan köptaraply işler bilen tanyşdyryldy. Şunda tokaý zolaklaryny durnukly peýdalanmak boýunça wezipeleri kesgitlemek, oňa täzeçil usullary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň çäklerinde degişli ugurlar boýunça halkara derejede alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Sebit we dünýä ähmiýetli möhüm meselelere bagyşlanan halkara maslahat öz işini dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtymyzda FAO-nyň “Bitewi saglyk” maksatnamasyna bagyşlanan okuw-türgenleşigi geçirilýär
FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar
2024-nji ýyl Düýeler maşgalasyna degişli jandarlaryň ýyly diýlip yglan edildi
Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar
Tokaýew resmi sapar bilen Italiýa bardy
Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
FAO Merkezi Aziýada suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin maliýe serişdelerini bölüp berer