Aşgabatda Gananyň daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary kabul edildi

Aşgabatda Gananyň daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, söhbetdeşlikleriň barşynda ministr iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň giň geriminde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek nukdaýnazaryndan, ýakynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda bolan syýasy geňeşmeleriň netijeleriniň möhümdigini belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşan taraplar, Türkmenistan bilen Gananyň arasynda ykdysadyýet, söwda we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri bellediler. Taraplar medeni we ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda bilim pudagyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Söhbetdeşlikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan we Gana syýasy geňeşmeler geçirdi
BILDIRIŞ
Bitaraplygyň Dostlary Toparynyň Ilkinji Maslahaty Geçirildi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
2023-nji ýylyň sport kalendary