Türkmenistan we Gana syýasy geňeşmeler geçirdi

Türkmenistan we Gana syýasy geňeşmeler geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerildi. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir beýan edildi.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Gananyň arasynda söwda-ykdysady, senagat we oba hojalygy pudaklary boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler.

Köptaraplaýyn diplomatiýanyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyk bellenip geçildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gananyň daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary kabul edildi
Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
BILDIRIŞ!
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
“Mancester Sitiniň” 64 million funtluk täze hüjümçisi
Kompozitor atly film Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy