BILDIRIŞ!

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Ganatly bedewler atly täze sahnalaşdyrylan sirk çykyşyny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, Hindistanyň şadyýan maýmynjyklarynyň, Mangoliýa döwletiniň “Baktrial” iki örküçli düýeleriniň, Germaniýanyň “Pudel” güjüjikleriniň, Hindistanyň “Tawus” guşunyň, Şatlandiýanyň “Poni” atlarynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň we täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gelen myhmanlarymyz Aýazbaba bilen Garpamygyň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz.

Sirk çykyşlar 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-den 2026-nji ýylyň 11-nji ýanwar aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.Giriş petekleri “online” görnüşinde sirk.gov.tm resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45 / 36-10-95 / 36-10-34

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Döredilen wagty - 2020. Şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi