Aşgabatda gibrid görnüşde halkara mediaforum geçirildi

Aşgabatda gibrid görnüşde halkara mediaforum geçirildi

25-nji fewralda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde “Dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti” atly halkara mediaforum geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi tarapyndan guraldy.

Çärä ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň baş redaktorlary, ýurdumyzda akkeditirlenen daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş sekretary, Russiýa Federasiýasynyň, Yragyň Iordaniýanyň, Bahreýniň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy KHBS-niň hem-de teleradiokompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mediaforumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň “TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň, Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş sekretary Jawad Mottaginiň, Türkiýäniň “TRT Awaz” teleýaýlymynyň başlygy Sedat Sarikaýanyň, Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy Alişer Hajaýewiň, Hytaýyň “CGTN-Russian” mediakorporasiýasynyň Baş direktory Din Ýunyň we beýlekileriň wideoçykyşlary diňlenildi.

Foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, dünýäde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

В ТУРКМЕНИСТАНЕ СОСТОЯЛСЯ МЕЖДУНАРОДНЫЙ МЕДИА-ФОРУМ, ПОСВЯЩЕННЫЙ ГОДУ ЭПОХА НАРОДА С АРКАДАГОМ
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konferensiýasy
Türkmenistan Stambulda TRT World Forum-2023 forumyna gatnaşýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TOPH gaz geçirijisiniň işlerini mart aýynda dowam etdirmek meýilleşdirilýär