Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçiriler

Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçiriler.Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek maslahata Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow bu halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ulgamda daşary ýurtlar, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär.

Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýörite maslahata guramaçylykly taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden hem-de abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketi bilen netijeli özara gatnaşyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň maslahaty açyldy
Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň ýörite maslahaty
Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň Aşgabatda geçirilýän ýörite maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi