Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda geçiriljek jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ulgamda daşary ýurtlar, abraýly halkara, sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Bu maslahat Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriler. 2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden, abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň — lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketi bilen netijeli özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere guramanyň agza ýurtlarynyň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň Aşgabatda geçirilýän ýörite maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň maslahaty açyldy
Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň ýörite maslahaty
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi