Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň ýörite maslahaty

8-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady.

Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.

Ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülen şu gezekki giň gerimli foruma gatnaşmaga köp sanly diplomatlar, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan utgaşykly görnüşde guralan iki günlük maslahatyň gün tertibine umumy gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi.Maslahatda koronawirus pandemiýasy we ondan soňky döwürde gazanylan tejribelere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berler.

Umumy mejlisde çykyş eden BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gundo Weýler gyzyklanma bildirilýän meseleleri we bilelikdäki geljekki işleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýän bu çäräni geçirmek başlangyjy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda howpsuzlygy we adalatlylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhüm şerti bolup, ilatyň saglygy üçin ählumumy howplary ýüze çykarmakda, öňüni almakda hem-de aradan aýyrmakda halkara hyzmatdaşlygy sazlaşykly ýola goýmaga ýardam berýär. “Saglyk meselesini ählumumy dialogyň merkezinde goýan COVID-19 pandemiýasy adamzadyň abadançylygynyň saglygy goraýyş ulgamyna gönüden-göni baglydygyny aýdyň görkezdi.

Bu ulgamy halkara hyzmatdaşlyk arkaly pugtalandyrmak möhümdir” diýlip, çykyşda bellenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýygnananlary mübärekläp, şu gezekki forumyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmekde hem-de wehimlere garşy durmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň arasynda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky teklibi bilen baglylykda, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk gurallaryny işläp taýýarlamagyň, tejribeleri we maglumatlary alyşmagyň zerurdygy nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, düzümi boýunça BMG-den soň ikinji orunda durýan Goşulyşmazlyk Hereketi döredilen gününden bäri geçen 60 ýyla golaý wagtyň içinde saglygy goraýşyň ählumumy gurluşyny emele getirmekde ähmiýetli orny eýeleýän gurama hem-de BSGG-niň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi. Bu guramalar bilelikde hyzmatdaşlyk edip, ilatyň saglygyny goramak ulgamyndaky umumy meseleleri netijeli çözýärler.

Iri halkara forumyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleri baradaky çykyşlara aýratyn üns çekildi.

Pandemiýanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge öz ýaramaz täsirini ýetirendigini belläp, foruma gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Döräp biläýjek pandemiýany ýüze çykarmak, öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça BSGG-niň konsepsiýasyny, ylalaşygy ýa-da degişli halkara resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek saglygy goraýyş ulgamynda umumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletleriniň ylmy-lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygyny ulgamlaşdyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Howply ýokanç kesellere garşy göreşmek ulgamynda tejribeleri we usulyýetleri alyşmagy işjeňleşdirmek zerurdyr.Gurama gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň toplan oňyn tejribesini, gymmatly işläp taýýarlamalaryny hasaba almak bilen, bu işi yzygiderli we hemişelik esasda ýola goýmak möhümdir.

Umumy pikire görä, XXI asyryň wehimine öwrülen COVID-19 pandemiýasy giňeldilen ählumumy epidemiologik gözegçilik ulgamynyň, ylmy barlaglara we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamaga maýa goýumlary goýmagyň zerurdygyny ýüze çykardy.Bularyň ählisi Hökümetleriň, halkara guramalaryň, ylmy we lukmançylyk edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylmagyny talap edýär.

Dünýäniň howpsuz we durnukly geljegini döretmek boýunça umumy tagallalarda möhüm tapgyr bolan şu gezekki maslahatyň netijeleri hem bu ugra gönükdirilmelidir.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahat öz işini Pandemiýada we pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe gazanylan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy berkitmek, Bilelikde hereket etmek üçin COVID-19 pandemiýasy we jemgyýetçilik saglygy çygrynda beýleki adatdan daşary ýagdaýlar döwründe döredilen täze gurallar we çemeleşmeler, Adamlaryň, haýwanlaryň saglygyna we daşky gurşawa salynýan howplary azaltmakda Bitewi saglyk çemeleşmesi atly aýratyn mejlislerde dowam etdi.

Saglygy goraýyşda howpsuzlygy we adalatlylygy gazanmakda hem-de saglyga abanýan esasy howplaryň öňüni almak, ýüze çykarmak, olara garşy göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde lukmançylyk diplomatiýasynyň orny maslahatyň ikinji gününiň çäklerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň mowzugy bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň Aşgabatda geçirilýän ýörite maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçiriler
Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat
Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň maslahaty açyldy
Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
BSGG: dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpy ýokary