BSGG: dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpy ýokary

BSGG: dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpy ýokary

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň başyndan bäri mergi keseli dünýäniň 29 ýurdunda hasaba alyndy we olaryň sany 582 müň adamdan geçdi.

Netijede, keselden 4,5 müň adam pida boldy diýip, guramanyň maglumatyna esaslanýan TASS habar berdi.

Ýagdaý bilen baglylykda, BSGG merginiň ýaýramak howpunyň diýseň ýokarydygyny duýdurdy. Muňa keseliň öňüni almak üçin sanjymlaryň we beýleki derman serişdeleriniň ýetmezçiligi hem täsir edýär.

Mergi keseli, esasan, Afrika yklymynda çalt ýaýraýar. Ýylyň başyndan bäri yklymda kesel 16 ýurtda hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
Türkmenistanda doglan lukman BSGG-niň Russiýadaky edarasynyň başlygy boldy
Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň ýörite maslahaty
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
BSGG-nyň resmi wekili Türkmenistanda saparda bolar
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
BSGG: dünýäde çilimkeşler azalýar