Aşgabatda iki köçäniň abatlanýandygy sebäpli ulaglaryň hereketi bölekleýin çäklendirildi

Aşgabatda iki köçäniň abatlanýandygy sebäpli ulaglaryň hereketi bölekleýin çäklendirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda Görogly köçesi bilen Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda ýol gurluşyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýollaryň asfaltyny täzelemek boýunça işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Görogly, Nurmuhamet Andalyp köçeleriniň, Bitaraplyk şaýolunyň, şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy, Magtymguly şaýollarynyň, Çary Nurymow köçesiniň belli ýerleri wagtlaýynça ýapyldy.

Bejeriş we timarlaýyş işleri sebäpli şäheriň jemgyýetçilik ulaglarynyň ugry hem wagtlaýyn üýtgedi. Duralga onlaýn platformasynyň üsti bilen şäheriçi awtobus hereketine gözegçilik edip bilersiňiz.

Şeýle-de, okaň:

Wideony görüň:

Ýüklemek:

Ýene degişli makalalar

Moskwada Magtymguly sözlär tili türkmeniň atly konsert geçiriler
“Daragt” atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň wekiliýeti KFU-da geçirilen ylmy maslahata gatnaşdy
"Täze dünýäden". Aşgabatda Dworžagyň eserleriniň konserti geçirildi
Astrahandaky türkmen konsuly Hazar media forumyna gatnaşar
Astrahanda Hazarýaka ýurtlaryň birleşen orkestriniň baş edarasy açylar