Aşgabatda iň gowy taksi sürüjileri sylaglandy

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 25-nji noýabrda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň Onlaýn taksi we Ynamly taksi programmalary çäginde iň gowy sürüjileriň we işjeň müşderileriň sylaglanýan dabarasy boldy.

Bäsleşik Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we onuň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gurnaldy.Dabarada iň köp sargyt ýerine ýetirip, üstün netijelere ýeten 20 sürüji we iň köp sargyt berýän 10 müşderi sylaglanyldy.

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy, şol sanda ençeme ýyl bäri halkymyza halal zähmeti bilen hyzmat edýän halypa sürüjilere hem ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň maksady diňe bir sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem müşderilere hödürlenýän hyzmatyň hilini täze derejelere çykarmak boldy. Her bir sürüjiniň yhlasly zähmeti we müşderilere bolan aladasy hyzmatyň esasy gymmatlyklarynyň biridir.

Çeşme: awtoulag.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Ermeni Meselesi
Türkmenawtoulaglary azerbaýjanly we gyrgyz kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistan Bütindünýä ulag güni Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlady
Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär
Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
Markayoly — harytlaryň köpdürli görnüşleri we onlaýn hyzmatlaryň ýokary hili