Ermeni Meselesi

Ermeni Meselesi

1915-nji ýylda ermenileriň göçürilen Osman döwletiniň öz territoriýasy bolan Siriýa, I Jahan urşunyň sonunda Osman döwletinden aýrylmak isleýärdi.Emma göçürlişik we ornaşdyrma arkaly ýurduň içinde ýerleri üýtgedilen ermeni jemagatynyň käbirleri we günäsi kesgitlenen terroçylar ýurduň içinde galyp bilmejekdigine göz ýetirip, esasan günbatar ýurtlaryna gaçdylar. Şeýlelikde Türkiýäniň çäklerinde terror aksiýalaryna goşulyşanlar ýa-da jenaýat edenleryň öňbaşçylygyndaky ermeni diasporasy emele gelip, diasporanyň düzümine sinen terrorçylar entek şol ýyllarda ilkinjileri görülmäge başlanan “toslama ermeni gyrgynçylygy” propogandasynda täze bir döwrüň başyny başlatdylar.

Türkiýä garşy şol ilkinji diaspora gaçgagy ermenileriň başyny başladan yzy üzülmeýän bu gara propoganda, taryhy hakykata bap gelmeýän gara propoganda esasan käbir günbatar ýurtlar tarapyndan diplomatik serişde hökmünde görülip, Türkiýä garşy halkara arenada gün tertibine getirilmek üçin goldandy.

I Jahan urşundan soň Türkiýäniň Sewr ylalaşygyny kabul etmän, Milli azat edijilik söweşini başlatmagy we üstün çykmagy, Antanta girýän ýurtlaryň Türkiýäni bölüşme meýilnamasyny puja çykarýar.Türkiýe I Jahan urşunda ýeňilen ýurtlarynyň hatarynda garaşsyz watan serhetlerini kesgitlän ýeke-täk ýurt bolýar.

Emma bu gezek gödek güýç bilen başa barmadyk meýilnamalar, ýumşak güýç we diplomatik basyşlar arkaly iş ýüzüne geçirilmek islenýär. Şol döwürlerde ermenileriň dowam edýän bikanun partizanlyk we terror aksiýalary sebäpli uzak ýyllaryň dowamynda edip gelýän konstitutsion jenaýaty äşgärdi.

Ol, kazyýet namalarynda we açyk jemgyýetçilik arhiwlerinde delilleri bilen bilinýän taryhy hakykatlardyr.

Diaspora we ýaranlary Sewri ret edýän, onuň ýerine Lozanna ylalaşygy bilen halkara derejesinde özüni ykrar etdiren Türkiýe Respublikasyny diplomatik gabawa alyp, Sewriň hökümlerini gün tertibinde tutmagy maksat edinipdi.Mysal üçin; Lozannadan 13 gün soň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda gol çekişilen Türk-Amerikan Lozanna ylalaşygy, Amerikan Senaty tarapyndan tassyklanmaýar. 4 ýyl dowam eden tassyklanama jedelleriniň dowamynda ozalky Osman döwletiniň raýaty bolan diaspora ermenisi Wahan Kardaşanyň başynda durýan lobbi topary, ylalaşygyň tassyklanmagynyň öňüni protestler, metbugat kampaniýalary we lobbiçik işleri bilen alýar.

Garaşsyzlygyny täze alan we diplomatik gatnaşyklaryny täze açan Respublika üçin şeýle basyş, esasanda şol ýyllarda Sewri gaýtadan iş ýüzüne geçirmek üçin bir serişde hökmünde kabul edilipdi. Ermenistan indi Bolşewiklere tabynlykdaky Sowet Respublikasy bolan hem bolsa, diaspora Ermenileri “Beýik Ermenistan” hyýaly bilen faşistiki çemeleşmesini dowam etdirýärler, Türkiýä we Azerbaýjana garşy iş alyp barýardylar.

Respublikanyň soňky ýyllarynda ermeni diasporasynyň propogandasy başga bir sepgide ýetýär: “Onlaýn we Digtal Platformalar bilen medeniýetde, sungatda, ylymda we diplomatiýada propoganda mowzugyny işläp, ýaýbaňlandyran Toslama Genosid Senagaty.”

Türk diplomatiýasynyň netijeli tagallasy we Türkiýe Respublikasynyň sebitdäki gadymy mirasyny baky dowam etdirjek döwletdigini sübut etmegi, ermeni, diasporasynyň jedellerini hem-de propogandasyny ejizledýär. 1960-njy ýyllara gelinende Türkiýe Sowuk söweş bloklaşmasynyň ýany bilen Kipr meselesi bilen hem başagaýdy.

Egilşiksiz iş ýüzüne geçirilen 1974-nji ýyldaki Kipr parahatçylyk opersaiýasy käbir günbatar döwletleriniň garşylygyna sebäp bolýar. Şol döwürde ýüze çykan ermeni terror guramasy ASALA, türk diplomatlaryna we raýatlaryna garşy guran aksiýalary bilen ermeni terrorunyň soňky ganhory bolýar.

Diaspora we toslama genosid senagaty Türkiýe bilen bähbitleri çaknyşýan syýasy güýje eýe bolan käbir guramalar we lobbiler bilen ýaranlyk edip, bir tarapdan terror aksiýalaryny dowam etdiren bolsa, esassyz tezislerini has uly kampaniýalar bilen mahabatlandyrmaga başlaýar.

Türkiýäniň Mustafa Kemal Atatürkden bäri dowam edip gelýän “toslama mesele” hökmünde öňe sürülen bu gara propoganda garşy beren jogaplary ünsden düşürilip, türk diplomatiýasynyň çözgüdi ileri tutýan pozisiýasyna garşy diaspora partizanlary meselesiniň dowam etmeginiň tarapynda durdular.

Ermeni meselesini yzgiderli häsýetde gün tertibinde tutup, Türkiýä garşy argument hökmünde peýdalanma meýilnamasynda borçlaryny berjaý etdiler.

Gahryman M.K. Atatürkiň mundan ýüz ýyl ozal bu meselede aýdan sözleri gulaklarymyzda ýaňlanýar:

“Şübhesiz ermeni gyrgynçylygy hakynda sözler hakykata bap gelmeýär.Tersine, günorta sebitlerde daşary ýurtly güýçler tarapyndan ýaraglandyrylan ermeniler hemaýatkärlerinden güýç alyp, ýerleşýän ýerlerindäki musulmanlara hüjüm edýärdiler.Ar almak düşünjesi bilen ähli ýerde ynsapsyz görnüşde öldürme we ýok etme syýasatyny alyp barýardy.

Maraşdaky pajygaly waka şol sebäpli ýüze çykypdy.Daşary ýurtly güýçler bilen birleşen ermeniler, top we agyr ýaraglar bilen Maraş ýaly gadymy musulman şäherini ýer bilen ýegsan edipdi.Müňlerçe biçare we bigünä ene hem-de olaryň çagalary gynalyp öldürilipdi.

Taryhda deňi-taýy görülmedik bu wagşylygy eden ermenilerdi.Musulmanlar diňe namyslaryny we janlaryny goramak üçin garşylyk görkezip, özlerini gorapdy. 20 gün dowam eden Maraş gyrgynçylygynda musulmanlar bilen bilelikde şäherde galan amerikalylaryň bu waka hakynda Stambuldaky wekilhanalaryna ugradan telegrammasy, bu wagşylygy edenleri aç-açan orta goýýardy.

Gahryman Mustafa Kemal Atatürk, Nutuk, 1927.

“Türkler tarapyndan ermenileriň gyrylandygy hakyndaky tezisler, toslama rowaýatlar we ozallar ýaýradylan käbir töhmetlerden ybaratdyr. Olar çürt-kesik ýalandyr. Bu hakykatyň delillendirilmegi üçin bitarap toparlaryň ýurdumyzda doly garaşsyz iş barmagyny kanagatlanma bilen kabul ederis.”

Gahryman Mustafa Kemal Atatürk

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Respbulikasy 100 ýyllygyny belläp geçýär.
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
29-njy Oktýabr Respublika Baýramy
Mewlüt Çawuşugly Gresiýa reaksiýa bildirdi
Türkiýe “mekdebi ýapan” Gresiýany ýazgardy…