Şu gün 29-njy Uniwersiada badalga berler

Şu gün Russiýanyň Krasnoýarsk şäherinde 29-njy gyşky Uniwersiada badalga berler. 12-nji marta çenli dowam etjek bu sport baýramçylygyna 50 ýurtdan 3000 türgen gatnaşýar.Olar sportuň umumylykda 11 görnüşi dag lyžasy, biatlon, bendi (top bilen oýnalýan hokkeý), körling, figuralaýyn typmak, hokkeý, şort-trek, snoubord, fristaýl, lyžaly ýaryş hem-de lyžaly ugur almak boýunça altyn medallaryň 76-sy ugrunda ýiti göreş alyp bararlar.

Uniwersiadanyň açylyş hem-de jemleýji dabaralary “Platinium” arenada geçiriler.Uniwersiada şäherçesinde geçiriljek ýaryşlara tomaşa etmäge 200 müň töweregi tomaşaçynyň gelmegine garaşylýar.Uniwersiadanyň dowam edýän döwründe 5000 meýletinçi hyzmat eder.Sibiriň iri 3-nji şäheri bolan Krasnoýarsk şäheri Uniwersiadany kabul edýän 3-nji rus şäheridir.

Mundan ozal tomusky Uniwersiada 1973-nji ýylda Moskwada, 2013-nji ýylda-da Kazanda geçirilipdi.Halkara uniwersitet sportlary federasiýalarynyň (FISU) garamagynda geçirilýän tomusky we gyşky Uniwersiadalar degişlilikde 1959-njy hem-de 1960-njy ýyldan bäri guralýar. 1949-njy ýylda döredilen FISU-nyň häzirki wagtda 174 agza ýurdy bolup, onuň merkezi edara binasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Sport habarlary gysga setirlerde
XXV gyşky Olimpiada Italiýada geçiriler
Olimpiýa oýunlarynda Sportuň täze görnüşleri
Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aşgabat tapgyryny geçirmek barada ylalaşyga gol çekildi
Gyşky ýaşlar Olimpiýa oýunlary tamamlandy
Has gowy şäher geljeginiň ýolunda: 5-nji oktýabr Bütindünýä binagärlik güni