Olimpiýa oýunlarynda Sportuň täze görnüşleri

Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilen Halkara Olimpiýa Komitetiniň 134-nji sessiýasynda sportuň 4 görnüşiniň tomusky Olimpiadanyň maksatnamasyna girizmek barada ylalaşyk gazanyldy.Sessiýada gelnen netijä görä, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň breýk-dans (breakdance), skeýtboarding (skateboarding), dyrmaşmak sporty (sport climbing) hem-de sörfing (surfing) görnüşleri giriziler.

Aslynda skeýtboarding, dyrmaşmak sporty hem-de sörfing sportlarynyň geljek ýyl Tokioda geçiriljek Olimpiadanyň maksatnamasyna-da synag ýaryşlary hökmünde girizilendigini belläp geçeliň.Breýk-dans geçen ýyl Argentinanyň paýtagty Buenos Aýresde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdi.

Halkara Olimpiýa Komiteti 4 sportuň maksatnama girizip-girizilmejekdigi baradaky gutarnykly netijäni 2020-nji ýylyň dekabryndan öň mälim eder.c

Ýene degişli makalalar

Şu gün 29-njy Uniwersiada badalga berler
Sport habarlary gysga setirlerde
XXV gyşky Olimpiada Italiýada geçiriler
Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aşgabat tapgyryny geçirmek barada ylalaşyga gol çekildi
Gyşky ýaşlar Olimpiýa oýunlary tamamlandy
Has gowy şäher geljeginiň ýolunda: 5-nji oktýabr Bütindünýä binagärlik güni