Aşgabatda Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

Aşgabatda Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanan konserte çagyrýar.

Konsert 25-nji noýabrda konserwatoriýanyň uly zalynda bolar. Konsert 18:00-da başlaýar, giriş mugt.

Juzeppe Wediniň eseri aýdym-saz dünýäsindäki iň uly hadysalaryň biri hasaplanylýar, ol dünýä opera sungatyna uly goşant goşdy. Kompozitor 26 operany döretdi, olaryň iň meşhurlary Bal-maskarad, Rigoletto, Trubadur, Trawiata, Aida, Otello, Falstaf operalarydyr.

Juzeppe Werdi opera eserlerinde realizmi mümkin boldugyça takyk görkezip, durmuşy mümkin boldugyça takyk sahna geçirmäge synanyşdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
30.11.2017 | Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Türkmen sahnasynda türk opera aýdymçylary çykyş etdiler