Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça ýörite merkez açyldy

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça ýörite merkez açyldy

Anna güni Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda kiberhowpsuzlyk merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazetinde habar berildi.

Merkeziň döredilmegine ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi goldaw berdi. Täze merkeziň resmi açylyş dabarasynda Aşgabatdaky ÝHHG-nyň merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon Makgregor gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem ilçi täze merkeziň infrastrukturasynyň bir bölegi bolan synp otagynda, dolandyryşy we serwer otagynda oturdylan enjamlar bilen baglanyşykly zerur resminamalara gol çekdi.

Kiberhowpsuzlyk meseleleriniň çäginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda Maglumat ulgamy howpsuzlygy fakulteti hereket edýär. Bu fakultetde maglumat howpsuzlygy, telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy, elektron howpsuzlyk ulgamlary ýaly ugurlarda hünärmenler taýýarlanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Türkmenistany ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady
Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi
Türkmenistan we ÝHHG-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
Ukraina finala çykdy