Ukraina finala çykdy

Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde wagty süýşürilen duşuşykda Ukrainanyň ýygyndysy myhmançylykda Şotlandiýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy.Glazgodaky “Hampden Park” stadionynda oýnalan oýunda myhmanlar 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ukrainanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary 33-nji minutda Andreý Ýarmolenko, 49-njy minutda Roman Ýaremçuk hem-de 90+4-nji minutda-da Artem Dowbyk geçirdi. Şotlandlaryň ýeke-täk goluny 79-njy minutda Kallum MakGregor öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Ukrainanyň ýygyndysy UEFA Pleý-off “A” toparçasynda finala çykdy.

Ukrainanyň ýygyndysy finalda Uelsiň ýygyndysy bilen duşuşar.Bu duşuşyk 5-nji iýunda Uelsiň paýtagty Kardiff şäherindäki “Kardiff Siti” stadionynda oýnalar we 21:00-da başlar. Ýeňiş gazanan topar Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşyp, “B” toparçada Angliýanyň, Eýranyň hem-de ABŞ-nyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
64 ýyl garaşdyran Dünýä Kubogy
Türkiyäniň Milli futbol ýygyndysy Uels bilen duşuşyk geçirer
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmaga Britaniýa bardy
Karl III täç geýdirmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar