64 ýyl garaşdyran Dünýä Kubogy

Katar 2022 Dünýä Kubogyna Ýewropadan gatnaşjak soňky ýygyndy hem belli boldy.UEFA Pleý-off “A” toparçasynyň finalynda Uels bilen Ukrainanyň ýygyndylary duşuşdy.Kardiff şäherinde oýnalan duşuşyk diýseň çekeleşikli geçip, ýer eýeleri Uels 1-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Ýeke-täk goly 33-nji minutynda Garet Beýliň ýerine ýetiren jerime urgusynda Andreý Ýarmolenko topy ýalňyşlyk bilen (kelle urgusy) öz derwezelerinden geçirdi.

Bu goldan ýer eýeleri hasaby artdyrjak bolup, myhmanlar hasaby deňlejek bolup, tagalla baryny etselerem, hasap üýtgemedi.Netijede, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan Uels 64 ýyldan soň Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Britan adasynyň wekili soňky gezek 1958-nji ýylda Dünýä Kubogyna gatnaşypdylar.Uelsiň 64 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşmagy rekorda deň bolup, ondan öňde 2 ýaryşyň arasynda şeýle köp wagtlap garaşan topar häzirlikçe ýok.

Uelsiň ýygyndysy Dünýä Kubogynda “B” toparçada Angliýanyň, Eýranyň hem-de ABŞ-nyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

132 ýyldan soňra tapyldy
DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
Diananyň dakynan göwheri auksiona çykdy
Diananyň köýnegi “Sotheby’s” auksionyna çykaryldy