Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Agşamara guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy ozal, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda boldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk we baýramçylyk ýagdaýy emele gelen 5 müň orunlyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda sport toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirildi. Olar meýdançada hatara düzüldi. Soňra çempionatyň resmi açylyş dabarasy badalga aldy.

Dabarada, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň belent owazynyň astynda Türkmenistanyň ýaşyl Tugy ýokary galdyryldy.

Açylyş dabarasynda soňra Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Haýdar Farmana çykyş etdi. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady.

Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygyny nygtap, jenap Haýdar Farman sportuň kuraş görnüşini ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlary we goldawlary üçin IKA-nyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, gatnaşyjylara gargy tüýdüginiň owazy astynda türkmen tebigaty, ýurduň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada wideorolik görkezildi.

Soňra tomaşaçylara milli türkmen göreşine, halylaryna, milli mirasynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe aýdym-sazly çykyşlar görkezildi.

Şeýlelikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Janköýerlere erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda hem sekiz agram derejelerinde gyzykly tutluşyklara tomaşa etmek garaşýar.

Belläp geçsek, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 16-njy awgustda bolsa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) arasynda göreşiň bu görnüşi boýunça Türkmenistanda dünýä çempionatyny geçirmek hakynda ylalaşyga gol çekildi.

Şu ýylyň başyndan bäri, türkmen türgenleri 243 halkara ýaryşa gatnaşyp, 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç, jemi 674 medala mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
Haýder Farman Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi
Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini gutlady
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy