Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular

27-nji noýabrda Olimpiýa şäherjigindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionatynyň tutluşyklarynyň birinji gününiň jemleri jemlenildi.

Erkekleriň arasynda 90 kilograma çenli, 100 kilograma çenli we 100 kilogramdan ýokary agram derejelerindäki türgenler, zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli, 52 kilograma çenli, 57 kilograma çenli, 63 kilograma çenli, 70 kilograma çenli agram derejelerindäki türgenler güýç synanyşdylar.

Tutluşyklarda türkmenistanly türgen zenanlardan Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa öz agram derejelerinde altyn medalyň eýeleri boldular. Şeýle-de, zenanlardan Aýnur Amanowa, Aýşirin Haýdarowa, erkeklerden Sanjar Abdyrahmanow, diňe özbek garşydaşlaryndan ýeňilmek bilen, kümüş medallaryň üçüsine eýelik etdiler.

Başa-baş tutluşyklar gutarandan soň, bäsleşikleriň geçirilen ýeri bolan Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýeňijilere medallary, sertifikatlary we sowgatlary gowşurmak dabarasy guraldy.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna nirede tomaşa edip bolar?