Aşgabatda möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

11-12-nji noýabrda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejede ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy.

Habarda bellenilişi ýaly, iki günläp dowam eden bu çäräniň maksady energetika infrastrukturasyna abanýan howplar barada habardarlygy ýokarlandyrmakdan we bu ugurda öňdebaryjy tejribäni ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara hünärmenleri çekmekden ybarat boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlaryna garadylar we halkara derejede özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Çykyş edenler milli derejede alnyp barylýan işleriň esasy ugurlaryna hem ünsi çekdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny atly kararnamanyň energetika kynçylyklaryny ýeňip geçmek ugrunda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýandygy we energiýa serişdeleriniň serhetüsti ugradylmagynyň ygtybarlylygyny, durnuklylygyny üpjün etmäge çagyrýandygy bellenildi.

Birnäçe halkara guramalary bilen bilelikde durmuşa geçirilýän BMG-niň Duýgur maksatlary terrorçylyk howplaryndan goramak boýunça ählumumy maksatnamasy 2021-nji ýyldan bäri agza ýurtlara mümkinçilikleri artdyrmaga, bilermenleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we möhüm infrastrukturany goramak babatda öňdebaryjy tejribäni kesgitlemäge ýardam berýär.

Şeýle-de Aşgabat şäherinde geçirilen bu halkara çäräň dowamynda Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň ilkinji tanyşdyrylyşy boldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Belet Video Ýagşymyradow Kasanganaý tutluşygyny görkezer
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Hakan Fidan Braziliýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi
Daşary Işler Ministri Fidan, Mýunhende Möhüm Duşuşyklar Geçirdi