Daşoguzdaky motor-abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli iş gurallaryny öndürmek babatda netijeli işler ýola goýuldy

Daşoguzdaky motor-abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli iş gurallaryny öndürmek babatda netijeli işler ýola goýuldy

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şu ýylyň hasyly üçin gowaça, ýazlyk ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak işleri hem talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk görülýän häzirki günlerde welaýat merkezindäki motor-abatlaýyş zawodynyň ähli önümçilik bölümlerinde dürli görnüşli iş gurallaryny öndürmek babatda-da netijeli işler ýola goýuldy.

Bu ýerde tejribeli ussalaryň, ezber işçileriň 50-den gowragy zähmet çekýär. Olar eýýäm gyş döwründe oba hojalyk tehnikalaryny we dürli görnüşli iş gurallaryny düýpli abatlamak hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak işlerini göwnejaý alyp bardylar.

Zawodyň işçi-hünärmenleri, halypa ussalary hemişe täzeligiň gözleginde bolup, sebitiň toprak-howa şertlerine kybap gelýän döwrebap önümleri taýýarlaýarlar. Olary tejribe-synag geçirip, iş üstünde barlap görýärler. Bu ýerde ýasalan bejergi geçirýän traktorlaryň tirkegine dakylýan topragy ýumşadyjy iş guralynyň ilkinji tapgyry ekerançylyk meýdanlarynyň tekizleýiş işlerinde ulanylyp başlandy.

Tejribeli ussalar tarapyndan täze usulda ýasalan ýigrimi dişli dyrnaklaryň ätiýaçlyk şaýlary, kultiwatorlaryň iş gurallary, sürüm işlerinde peýdalanylýan azallar, çizeller dowam edýän möwsümleýin çäreleri agrotehniki talaplara laýyk geçirmekde ýokary netijeliligini görkezdiler. Häzir şeýle önümleriň 46 görnüşi öndürilýär.

Daşoguz şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän kärhananyň tutuş durkuny täzelemek, düýpli abatlamak boýunça toplumlaýyn işler hem geçirildi. Önümçilik bölümlerinde öňden hereket edýän enjamlar doly täzelendi. Zawodyň önümçilik ulgamlaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ornaşdyryldy. Senagat kärhanasynyň önümçilik hem hyzmat ediş bölümleriniň esasy ugurlaryny sanly ulgama birikdirilen kompýuterler arkaly dolandyrmak işi ýola goýuldy.

Mehaniki bölümde oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary, ekerançylyk işlerinde giňden ulanylýan oba hojalyk gurallary öndürilip, etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar.Tehniki bölümde metallary gaz bilen kesmek we kebşirlemek üçin ulanylýan, abatlaýyş işlerinde zerur bolan tehniki kislorod öndürilýär. Önümçilik ulgamynda gowaçalaryň ujuny çyrpýan, tirkegleriň dyrnagynyň, boronanyň diş-nurbatlary, çizel-ýumşadyjylar, dürli ululykdaky turbalar, traktorlar, kombaýnlar üçin iş gurallary we beýlekiler taýýarlanylýar.

Etrapdaky tehniki hyzmat ediş kärhanalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda ýasalan önümler iş ýerlerine ugradylýar.Hünärmenlerden döredilen ýörite topar ekerançylyk meýdanlarynda bolup, iş gurallarynyň, oba hojalyk enjamlarynyň ulanylyşyna gözegçilik edýär.

Şeýlelikde, şu ýylyň ýazky ekiş möwsüminde welaýat boýunça ekijileriň 454-si, dürli kysymly traktorlaryň 2200-si, oba hojalyk iş gurallarynyň hem 19 müňden gowragy işlediler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Altyn Guw kompaniýasy amatly bahalaryndan ýörite tehnikalar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýär
Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar
Alpha Home otaglary abatlamagyň we dizaýn etmegiň ähli görnüşlerini hödürleýär
Berkarar SDAM-daky Göwher dükanynda Ýewropanyň öňdebaryjy haryt nyşanlarynyň kosmetika serişdeleri hödürlenýär
ÝTÖB Türkmenistanda mugt Tejribelik maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar
TFF-niň kubogynda golçularyň ýaryşy hem gyzyşýar