Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar

Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar

30-njy sentýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda nusgawy fransuz dramaturgy Žan-Batista Molýeriň Plutni Skapen (Haltada husyt) atly komediýasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde berilýän habara görä, Merdan Handurdyýewiň rezissýorlyk eden spektaklynda mekir hyzmatkär Skapiniň hileleri barada gürrüň beriler. Şeýle hem söýgi, durmuş gurmak temalary barada belleniler.

Haltada husyt pýesasyny Molýer 1670-nji ýylda ýazylypdy. Bu eser ilkinji gezek 1671-nji ýylyň 24-nji maýynda Pariždäki Palais Royal teatrynda sahnalaşdyryldy. Molýeriň özi bu premýerada Skapiniň roluny ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

HD ölçegli telewizora tomaşa etmeklik uglerod zyňyndylaryny sekiz esse ýokarlandyrýar
Elektron sport Aziada ― 2022-niň maksatnamasyna girizildi
Äpet galaktikalaryň üsti açyldy
Yssy howa ýaşaýyş üçin howply diýlip ykrar edildi
2020-nji ýylyň iň gowy oýun neşir edijileri yglan edildi
Ýaşyl energiýa maýa goýýar