Beýik Britaniýada şazada Filippiň hatyrasyna teňňe çykaryldy

Beýik Britaniýada şazada Filippiň hatyrasyna teňňe çykaryldy

Beýik Britaniýada şa zenany Ýelizaweta II-niň ýoldaşy, 9-njy aprelde aradan çykan Edinburg şazadasy Filippe bagyşlanan nominaly 5 funt sterling bolan teňňe çykaryldy. Bu barada Bi-bi-si salgylanyp, rbc.ru habar berýär.

Suratkeş Ýan Renk-Brodli tarapyndan döredilen teňňe kanuny töleg serişdesi bolsa-da, kolleksiýa hökmünde döredildi.Ol çäkli tiraž bilen çykaryldy we dolanyşyga goýberilmez.Bu teňňe The Royal Mint-iň saýtynda, Britaniýanyň patyşa poçtasy bölümlerinde we ýurtdaky hem-de dünýädäki ýöriteleşdirilen dükanlarda elýeterli bolar. Şa däbine laýyklykda, ýadygärlik teňňesiniň nominaly 5 funt sterling bolup, täç geçdirme ýa-da ýubileý wakalaryny bellemek üçin, adatça, hut şu nominal ulanylýar. Şeýle-de, The Royal Mint Beýik Britaniýada we tutuş dünýäde jemgyýetçilik işini goldamak üçin şazada tarapyndan 1956-njy ýylda esaslandyrylan Edinburg gersogy baýragyna 50 müň funt sterling bagyş eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Karl III doglan gününi belledi
Gurbanguly Berdimuhamedow Windzor galasynda geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasynyň agzalaryny Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Londonda Patyşa Karl III bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Londona bardy