Aşgabatda mowzuklaýyn halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär

Aşgabatda mowzuklaýyn halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär

26-njy ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan Türkmen topragy dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.

Forumyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de tazyguýruk, it ýatak, güjük yzy ýaly gadymy göllere bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Sergide küýzegärçilik sungatynyň nusgalary, kilimler, haly we haly önümleri, zergärçilik şaý-sepleri görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna sergide aýratyn orun berildi.

Ýörite meýdançalarda türkmen alabaý itleriniň iň gowularyny görmek bolýar. Alabaýlaryň görkezme çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmen alabaýy Kazanda geçirilen itler bäsleşiginde
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Röwşen hususy kärhanasy Aşgabatda geçirilýän sergä täze öndüren aýakgaplary bilen gatnaşýar