Aşgabatda mübärek oraza aýy mynasybetli çäre geçirildi

Aşgabatda mübärek oraza aýy mynasybetli çäre geçirildi

17-nji aprelde, ýagny mukaddes Gadyr gijesinde Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezi ata-babalaryň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, mübärek oraza aýy mynasybetli çäre geçirdi. Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Aşgabat şäheriniň ymamy Wepa Hajy şeýle hem pars dilini öwrenijiler we olaryň maşgalalary gatnaşdylar.

Çäräniň açylşynda ilçi ähli dabara gatnaşyjylary bu mukaddes sene bilen gutlap, olary Kurany-Kerimiň sergisini hem-de pars dilini öwreijileriň ýerine ýetiren nakgaşlykdyr kolligrafiýa hat-ýazuwy eserleriniň sergisini synlamaga çagyrdy. Şeýle hem ol mukaddes oraza aýy barada şeýle diýdi:

Dabarada çykyş eden Eýranyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Muhammet Pygamberiň (s.w) oraza aýy barada aýdan sözlerine salgylanyp: Oraza aýy özüniň bereketi we rehmeti bilen geldi.Bu aýyň her güni ýagşy gün, her gijesi ýagşy gije, her sagady hem iň gowy sagatlardandyr.

Buy mukaddes aý Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň halkynyň medeni umumylyklaryndan biri bolan Kurhany Kerimde jemlenen musulman raýdaşlygynyň aýydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Medeniýet merkezimizde her ýyl oraza aýy mynasybetli türkmen-pars raýatlaryny bir ýere jemläp, Gurhan sergisini we nakgaşlyk we kalligrafiýa hat-ýazuwynyň eserleriniň sergisini guraýarys, agyz açar sadakalryny berýäris — diýdi.

Çäräniň dowamynda iki ýurduň Oraza aýyna degişli däpleri söhlelendirilen wideoşekil görkezildi we pars dilini öwrenijisi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň Bu roza diýen goşgysy okaldy.

Dabaranyň ahyrynda pars dili öwrenijileriň ýerine ýetiren nakgaşlyk we hat ýazywy eserleriniň arasynda tapawutlanan awtorlara sowgatlar gowşuryldy.

Soňra hemmeler Medeniýet merkeziniň agyz açar sadakasyna gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp çäre geçirildi
Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi
Dünýäniň beýik gazalçy şahyry Hafyzy ýatlama güni atly çäre geçirildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama atly çäre geçirildi
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler