Aşgabatda öý üçin niýetlenen önümleriň Parlak internet-dükany açyldy

Aşgabatda öý üçin niýetlenen önümleriň Parlak internet-dükany açyldy

Aşgabatda lomaý hem-de bölekleýin satyn alyjylar üçin harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýän Parlak.com.tm täze internet-dükany açyldy.

Onlaýn dükanyň haryt görnüşleri müşderileriň öňdebaryjy we ynamdar kärhanalaryň amatly bahadan ýetirilýän täze hem-de ýokary hilli önümlerini satyn almagy göz öňünde tutulyp düzülendir.

Onlaýn-dükanyň katalogynda şu hili harytlar hödürlenilýär:

- Azyk önümleri;

- mekdep, ofis we döredijilik üçin kanselýariýa harytlary;

- ýuwujy serişdeler we arassalaýyş önümleri;

- hojalyk tehnikalary we elektronika.

Saýt üç dilde (türkmen, rus hem-de iňlis) elýeterli bolup, onuň oňaýly gurnalan interfeýsi bolsa ýeňil usulda sargyt etmäge mümkinçilik berýär.

Parlak.com.tm dükanyndan söwda etmek üçin internet sahypasynda hasaba alynmaly we isleýän önümiňizi saýlamaly. Töleg sargyt kabul edilenden soň, bank karty esasynda ýa-da nagt görnüşde amala aşyrylýar. Harytlary eltip bermek Aşgabadyň ähli ýerlerine amala aşyrylyp, bahasy 200 manatdan gowrak möçberde sargyt edilende bolsa bu hyzmat mugt ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de Parlak.com.tm dürli ugurlardaky önüm öndürijileri we paýlaýjylary hem hyzmatdaşlyga çagyrýar. Parlak.com.tm onlaýn platformasy satyjylara täze alyjylary tapmaga ýardam eder.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Onlaýn söwdada hilegärlik hadysalary rowaç alýar
Aşgabat — Serhetabat otly gatnawy gaýtadan dikeldildi
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
Ak Ýol Computers kompýuter tehnikasynyň, goşmaça esbaplarynyň we aksessuarlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär
Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär
Post Shop: önümleriň dürli görnüşleri we onlaýn söwda üçin amatly şertler