Aşgabatda Ogulabat Berdimuhamedowanyň hatyrasyna belli gün agzaçar sadakasy berildi

Aşgabatda Ogulabat Berdimuhamedowanyň hatyrasyna belli gün agzaçar sadakasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap anna güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde belli gün agzaçar sadakasyny berdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmeler bilen mähirli salamlaşyp, şu gün türkmen halkynyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk borjumyzy berjaý edip, käbäm ejem Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, mukaddes Remezan aýynda belli gün agzaçar sadakasyny berýäris diýip belledi.

“Ejemiň aradan çykmagy zerarly, köp sanly raýatlarymyz, şeýle hem dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary gynanç bildirýärler. Munuň üçin ähliňize taňryýalkasyn aýdýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: “Maşgala ojagyna wepadarlygyň, mähribanlygyň nusgasyny görkezen ejem Ogulabat ejäni hatyralap berilýän sadaka, okalýan aýat-töwirler Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Käbämiň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!” diýip belledi.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň mähriban ejesi we Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi, Türkmenistanyň wepaly zenany Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.

Mundan başga-da anna güni Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň welaýatlarynyň metjitlerinde agzaçar sadakalary berildi.

Ýene degişli makalalar

Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünäri göreldäm
Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünäri göreldäm
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Yzgantda agzaçar sadakasyny berdiler
Ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistanda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyraladylar, Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport edijileriň esasylarynyň birine öwrüldi, Aşgabada MAZ AGPJ-niň wekiliýeti geldi we beýleki habarlar