Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Yzgantda agzaçar sadakasyny berdiler

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Yzgantda agzaçar sadakasyny berdiler

Şu gün Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka gatnaşýanlara sylag-hormat edip gelendikleri üçin taňryýalkasyn aýtdy.

— Bu gün Yzgant obasyndaky Abyl işan öwlüýäsine gelip zyýarat etdik. Kyblam Mälikguly aganyň, mähriban käbäm Ogulabat ejäniň aram tapan ýerlerine baryp, olaryň ruhuna aýat okadyk. Ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny dileg etdik. Edilen dilegler, okalan aýatlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir gezek agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, öten-geçen ata-babalaryň, hususan-da, Mälikguly aganyň we Ogulabat ejäniň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny dileg etdi.

Tebärek çykylandan soňra, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň aýat-töwir okalyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beren agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Ýene degişli makalalar

Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär
Milli mirasymyz buýsanjymyz
BILDIRIŞ!
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
OGULABAT EJÄNIŇ EL HÜNÄRI TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR
ENELERIŇ KALBYNDAN DÖREÝÄNDIR BAHAR-ÝAZ, OLARYŇ HÜWDÜSINDEN YLHAM ALÝAR AÝDYM-SAZ