Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar

Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar

Türkmenistanda şu aýda ogurlyk hadysalary barada habarlar köpeldi. Azatlygyň habarçylarynyň Türkmenbaşyda we Hazar deňziniň kenaryndaky beýleki ilatly ýerlerde ogurlyk hadysalarynyň birnäçesiniň ýüze çykandygy barada beren habarynyň yzýany Aşgabatda birnäçe ogurlygyň bolandygy mälim boldy.

Diňe soňky günlerde Aşgabatda üç sany ogurlyk barada köpçülige mälim boldy. Bularyň biri 2-nji etrapçada ýüze çykdy.

"Gije bir enäniň agtygy bilen ýaşaýan kwartirasyna äpişgeden girdiler, gyz bir ses eşidipdir, olaryň pişigi ses edipdir. Irden olar mobil telefonynyň ýitendigini bilip galdylar. Öýde diňe telefonyň gapyrjagy galypdyr" diýip, habarçy aýdýar. Onuň sözlerine görä, ogryny şol telefon belgisi boýunça Büzmeýnde tapypdyrlar.

Ýene bir waka paýtagtyň 30-njy etrapçasynda bolupdyr. Şol ýerdäki öýe girenler hem telefon ogurlapdyr. Ýöne eýeler wagtynda oýanypdyr we ogryny şol wagt köçede bolan goňşular tutupdyr.

Azatlygyň habarçysy paýtagtyň 30-njy etrapçasynda 20-nji iýulda üçünji wakanyň hem bolandygyny habar berýär.

"Ýigit berk aýna oturdylan penjiräni döwüp jaýa girýär. Öý eýesi oýanyp, ony daňdy. Polisiýa jaň etdi. Polisiýa 4 any awtoulagly geldi" -diýip, habarçy şaýatlara salgylanyp, gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, polisiýa jaýa giren ogrynyň bir derman serişdesiniň täsiri astynda bolandygyny anyklapdyr.

Aşgabatdaky habarçylar hadysalaryň üçüsiniň-de birinji gatda ýerleşýän öýlerde bolandygyny bellediler. Aşgabatdaky käbir jaýlarda häkimiýetler penjirelere demir gözenek oturtmagy gadagan edýärler.

Bu aralykda, soňky döwürde ýurduň beýleki sebitlerinde ogurlyklar köpeldi.

Tomsuň başyndan bäri, Türkmenbaşyda we Balkan welaýatynda beýleki obalarynda ogurlyklaryň sanynyň ep-esli köpelendigi habar berildi.

“Türkmenbaşyda we Hazarda iýun aýynyň başyndan iýul aýynyň 5-ne çenli aralykda jemi 23 sany talaňçylyk, ogurlyk hadysalarynyň bolandygy hasaba alyndy.Ogrular esasan hususy eýeçilikdäki öýleri, supermarketleri we hojalyk jaýlaryny talaýarlar” - diýip, ýerli polisiýadaky çeşme Azatlyga aýtdy.

Ol talaňçylaryň esasanam ýaşaýjylar we telekeçiler iş ýerlerinde ýa-da öýlerinde ýok wagty baryp, olaryň elektrik enjamlaryny, sowadyjylaryny, telewizorlaryny, halylaryny we seýflerini ogurlaýandygyny gürrüň berdi.

Tomusky dynç alyş we kanikul döwründe ogurlyklar we talaňçylyklar ýygy-ýygydan bolýar. Ýylyň başynda öýleri we kwartiralary talamak bilen baglanyşykly köp sanly waka barada habar berlipdi. Ogurlyk hadysalary diňe ýaşaýyş jaýlarynda däl, eýsem metjitlerde-de bolupdy.

Döwlet habar beriş serişdeleri jenaýatçylyk barada maglumat çap etmeýär, ýurt resmiler jenaýat wakalaryny kommentirlemeýär, çeşmeler jenaýatyň köpelmegine bir tarapdan ilatyň sosial-ykdysady ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň, başga bir tarapdan polisiýanyň geleňsizliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dükanlarda ogurlygyň köpelendigini, azygy köplenç çagalaryň ogurlaýanygyny habar beripdi. Geçen ýylyň güýzünde Türkmenbaşyda gonamçylykda mazar daşlarynyň we demir diwarlarynyň ogurlygy ýüze çykypdy. Şeýle-de Maryda paýta ogurlamak, Lebapda bolsa dizel ogurlygy ýaly wakalar hem bolupdy. Restorandan azyk ogurlygy bilen baglanyşykly waka barada hem habar berlipdi.

Türkmenistanda uzaga çeken işsizlik we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurtda soňky ýyllarda zir-zibil dörýän adamlaryň, dilegçilik edýänleriň sany ep-esli köpeldi, ogurlyk we talaňçylyk hadysalary ýygy-ýygydan ýüze çykdy we öýsüz-öwzarsyz adamlaryň sany artdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik
Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş
Awazadaky myhmanhana işgärleri syýahatçylaryň azlygyndan alada edýärler
Gazana gaçan hekaýalar