Aşgabatda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan sergi açyldy

Aşgabatda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan sergi açyldy

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy.

Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň agzalary, şol sanda Saparmämmet Meredow, Merjen Amangylyjowa, Orazgylyç Öwezow, Işanguly Işangulyýew, Tuwak Sähedowa, Rustam Abdullaýew, Aýjahan Babatäjowa dagylar özleriniň sungat eserlerini hödürlediler.

Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň eserleri hem görkezilýär. Olaryň arasynda Nurmyrat Gurdowyň, Jemal Baýmyradowyň, Kümüş Baýramgulyýewanyň, Bägül Oralowanyň, Allaberdi Atadurdyýewiň eserlerini bellemek bolar.

Sergi edilen eserlerde Magtymguly Pyragynyň keşbi, onuň ýaşan döwri we şol döwrüň taryhy wakalary çeper beýan edilýär. Şeýle hem eserleriň arasynda Magtymgulynyň goşgularyna bagyşlanan suratlar hem bar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasynda habar berilmegine görä, sergi 19-njy ýanwara çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
HNweGI-niň talyplary-patent alan ylmy işleriň awtorlary