Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde iki möhüm ynsanperwer başlangyjy özünde jemlän ähmiýetli çäre geçirildi.Onda iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanan surat bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy hem-de eýran milli tagamlaryna bagyşlanan özboluşly kitabyň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyşy boldy. Çärä Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat şäherinden ussat suratkeşler we höwesjeň döredijiler gatnaşdylar.
Munuň özi çärä aýratyn öwüşgin berdi.Duşuşygy Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, medeni meseleler boýunça geňeşçisi Abdulreza Abbasi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow gutlag sözi bilen açdy. Çykyş edenler şunuň ýaly bilelikdäki taslamalaryň, döredijilik bäsleşikleriniň we medeni çäreleriň Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda taryhyň dowamynda kemala gelen ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýandygyny, ikitaraplaýyn medeni dialogyň has-da baýlaşmagyna ýardam edýändigini bellediler.
Agşamyň esasy wakasy surat bäsleşiginiň jemleriniň jemlenilmegi boldy.Bäsleşige 50-den gowrak surat eseri hödürlenildi.Iň ýokary adalatlylygy üpjün etmek maksady bilen, abraýly eminler topary hünärmenleriň we höwesjeňleriň işlerine aýratyn toparlarda baha berdiler.
Eminler toparynyň çözgüdi bilen iki toparyň hem hersinde üç sany esasy ýeňiji kesgitlendi.Mundan başga-da, guramaçylyk topary iň gowy döredijilik pikiri üçin iki sany ýörite baýrak döretdi. Ýeňijilere Hormat hatlary we pul baýraklary gowşuryldy, bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine bolsa ýadygärlik diplomlary berildi. Çäräniň täsirli jemlemesi hökmünde eýran milli aşhanasy baradaky kitabyň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylmagy boldy. 10 tematiki bölümden ybarat bolan täze kitapda eýran halkynyň 100-den gowrak milli tagamynyň taýýarlanylyş usullary ýerleşdirilýär.
Bu neşiriň çap edilmegi türkmen okyjylarynyň goňşy ýurduň baý taryhy-medeni mirasy we durmuş ýörelgeleri baradaky bilimlerini giňeltmäge, şeýle hem iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.
