23.02.2018 | Pakistanyň Premýer-ministri: TOPH taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär

Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edende aýtdy.Pakistanyň lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara energetika hyzmatdaşlygy meselelerine oýlanyşykly çemeleşýändigi hem-de bu strategiki ulgamda öňe süren oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Pakistanyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, TOPH gaz geçirijisini gurmak pikiri iş ýüzünde amala aşyrylýar, diýmek, sebitiň halklarynyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar dikeldilýär we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler döredilýär.

Jenap Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, Pakistanyň täze energiýa geçirijisine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.Munuň özi okgunly ykdysady ösüş depgini we degişlilikde, 270 million ilaty bolan ýurduň energiýa serişdelerine artýan islegleri bilen şertlendirilendir.

Pakistanyň hökümetiniň Baştutany şeýle hem elektroenergetika ulgamyndaky taslamalaryň we Merkezi Aziýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etjek halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň ähmiýetini nygtady.Pakistan mundan beýläk hem bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, Premýer-ministr Şahid Hakan Abbasi aýtdy we TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlary, şeýlde hem Aziýanyň ösüş bankyny gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Ýene degişli makalalar

Taryhyň ugruny üýtgeden ýeňiş: Stambulyň zabt edilmegi
Hakan Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Fidan eýranly we katarly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran arasyndaky ýaraşygy maslahatlaşdylar
Fidan eýranly we pakistanly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdy
Fidan bilen Arakçi togtap barýan ABŞ-Eýran parahatçylyk gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Hakan Fidan Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
TOPH-yň täze böleginiň gurluşygynyň açylyşyna birnäçe ýurduň emeldarlary gatnaşar