Aşgabatda türkmen milli manadynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

Aşgabatda türkmen milli manadynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron saýtynda habar berildi.

Şol günki çäre bagşy-sazandalaryň çykyşlary, şeýle hem geçen 30 ýylyň dowamynda bank ulgamynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän sergi bilen utgaşdy. Bu ýerde ýadygärlik teňňeler, milli zergärçilik şaý-sepleri, zikgeçiligiň taryhyna bagyşlanan gymmatlyklar sergilendi. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna möhüm orun berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahata ýurduň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Maslahatyň dowamynda ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde, halkara maýa goýum hyzmatdaşlygynda, pul-karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bank ulgamynyň we milli manadyň orny, bank işinde sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy barada çykyşlar edildi.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljekde-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
Türkmenistanda Halkara ýaşlar maslahatynyň web sahypasy işe girizildi
Gyzykly hepdelik
01.11.2019 | Manadyň gymmaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegini üpjün edýär
Petdelikleri saklap galmak boýunça türkmen-german taslamasy durmuşa geçirilip başlandy