AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär.Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar.

Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmelidir.

Bitarap Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, netijeli gatnaşyklary ösdürmek, dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.Bu teklipleriň dünýä bileleşigi tarapyndan makullanylmagy we goldanylmagy olaryň örän derwaýysdygyna şaýatlyk edýär. Şol teklipler parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, ekologiýa, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurlara degişlidir.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri döredýän dürli görnüşdäki duşuşyklardyr gepleşikleriň başyny başlaýar we olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz ähli döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, netijelilik ýörelgeleri esasynda guramak bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr.

Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary hem ynanyşmak, okgunly we strategik häsiýete eýedir. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Täjigistan we Özbegistan biziň hoşniýetli goňşularymyzyň hem-de hyzmatdaşlarymyzyň hataryndadyr. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylyklary birleşdirýär.

Soňky ýyllarda türkmen-täjik we türkmen-özbek gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Şu babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, ägirt uly kuwwatyny, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen bu sammite aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki üçtaraplaýyn Aşgabat duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 26-njy iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilendigini bellemelidiris.

Gepleşikleriň barşynda sammitiň maksatnamasy we gün tertibi, beýleki degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Däp bolan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ymtylmalar, dünýä syýasatynyň esasy ugurlary babatda uzak möhletli bähbitleriň meňzeşligi, özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň we hoşniýetli erk-islegiň bolmagy berk binýady döredýär.

Biziň ýurtlarymyz umumy abadançylygyň bähbidine tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, şol binýada daýanýarlar.Türkmenistan syýasy-diplomatik ulgamda Täjigistan we Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.Bu bolsa, ilkinji nobatda, taraplaryň sebit, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meselelerine çemeleşmeleriniň meňzeşdigi ýa-da laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.

Munuň özi abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlykda aýdyň ýüze çykýar.Bu babatda ýurtlarymyz öz ädimlerini utgaşdyrýarlar we birek-biregi goldaýarlar.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň beýleki köptaraplaýyn meýdançalarda, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýäniň beýleki döwletleri we sebitleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam edýän görnüşlerde gatnaşyklar işjeňleşdirildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ony ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini bellemelidiris.

Oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikler bar. Şunda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we Işewürler geňeşleriniň işine möhüm orun degişlidir.Olar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr.Munuň özi üç ýurduň çäk we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.Bu babatda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça transkontinental multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar.

Energetika ulgamy-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri.Bu ugur hem uly mümkinçiliklere eýedir.

Elbetde, ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýar. Halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Häzirki döwürde däp bolan gatnaşyklar medeniýet we sungat, bilim-ylym, ýaşlar syýasaty, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýär.

2018-nji we 2022-nji ýyllarda Özbegistanyň we Türkmenistanyň paýtagtlarynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda açylan ajaýyp “Aşgabat” we “Daşkent” dynç alyş seýilgähleri türkmen-özbek dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanlarydyr.

Doganlyk Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüniň tutulmagy türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka boldy.Mälim bolşy ýaly, bu desganyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda badalga berildi.

Iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly 540 orunlyk täze mekdebiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmen-täjik we türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryna hem täze itergi berildi.Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe bolýar.Bu babatda ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, suw serişdelerini rejeli ulanmaga, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmaga, Aral meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu ugurlaryň ählisi boýunça ýurtlarymyz netijeli we yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk edýärler.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. Soňky ýyllarda bu binýadyň üsti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň şu ýyl Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumlary bilen ýetirildi.

Şeýlelikde, üç ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrýan Aşgabat sammiti döwletara hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermelidir we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, ol umumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň, rowaçlygyň bähbidine netijeli sebit gatnaşyklaryna anyk goşant bolar.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdep gurar
Türkmenistan daşary ýurtly ýük ulaglaryna sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi, hünär synagynyň netijeleri boýunça dört sany türkmen prokurory wezipesinden boşadyldy, Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdep gurlar
Türkmen Ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar
Türkmenistanda internede bagly bolmadyk milli tor dörediler, Aşgabady Moskwa ýa-da Sankt-Peterburg şäherleri bilen doganlaşdyrmak meýilleşdirilýär, GDA ýurtlarynda Täze ýylda nähili arzuw edýärler we beýleki habarlar
“Döwlet gurluşyk” HJ Täjigistanda orta mekdebiň binalar toplumyny gurar