Aşgabatda üç aý gijikdirilip TSTB-niň ÝOJ-niň gurluşygyna başlandy

Aşgabatda üç aý gijikdirilip TSTB-niň ÝOJ-niň gurluşygyna başlandy

19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň (TSTB) ýoj-niň gurluşygyna başlandy diýip 20-nji iýulda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazýeti ýazdy.

Onuň düýbüniň tutulmagy bilen bagly dabara söwda boýunça wise-premýer Batyr Atdaýew we TSTB-niň başlygy Döwran Hudaýberdiýew dagy gatnaşdylar.

Bellikde aýdylmagyna görä, ýoj 4 sany okuw binasyndan we studentleriň iki sany umumy ýaşaýyş jaýyndan (300 orunlyk) şeýlede kitaphanadan, naharhanadan, açyk we ýapyk sport zalyndan ybarat.Emma, TSTB-niň saýtynda ýoj-niň 4 binadan ybarat bolup, ikisiniň okuw jaýy we ikisiniň hem umumy ýaşaýyş jaýy boljakdygy ýazylypdyr.

ÝOJ-ny hususy “ Nur bina gurluşyk” şirketi gurar. Meýilleşdirmä görä, okuw jaýy 2025-nji ýylda ilkinji studentlerini kabul eder.

12-nji aprelde TSTB-niň döredilmeginiň 14 ýyllygy bellenende, kiçi Berdimuhamedow karara gol goýup, TSTB-niň ýoj-niň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin “Rysgal” bankyna karz bölüp bermek barasynda Merkezi Banka görkezme beripdi.

Resminamada okuw jaýynyň gurluşygyna aprelde başlamak we desgany 2025-nji ýylyň sentiýabrynda doly taýýar edip tabşyrmak barada görkezme berilýär.

ÝOJ-niň salgysy Görogly köçesiniň 183-nji jaýy.The post Aşgabatda üç aý gijikdirilip TSTB-niň ÝOJ-niň gurluşygyna başlandy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

“Hemsaýa” kärhanasy täze kakadylan miweleri öndürip başlady
Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar
Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady
“Türkmen berk-metal” tegmilleri aýryjy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy
Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanda lift önümçiligi boýunça kärhana döretmek meýilleşdirilýär