Aşgabatda we Duşanbede türkmen-täjik söwda öýleri dörediler

Aşgabatda we Duşanbede türkmen-täjik söwda öýleri dörediler

11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistana saparynyň dowamynda bu ýurduň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seredilip geçildi. Şol sanda Aşgabatda we Duşanbede söwda öýlerini döretmek barada pikir alşyldy.

Duşuşykda eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak, birek-birege ugradylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi. Bu işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň paýtagtlarynda söwda öýlerini döretmek boýunça taslamany ýakyn wagtda amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda oba hojalygy we obasenagat toplumy, ilkinji nobatda, oba hojalyk önümlerini özara alyşmagy guramak boýunça bilelikde tagalla etmegiň wajypdygy bellenildi. Ykdysadyýetiň bu ugry boýunça iki ýurduň hem baý tejribesiniň bardygyny aýdyp, Serdar Berdimuhamedow we Kohir Rasulzoda degişli döwlet hem-de hususy düzümleriň bilelikde oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýörite maksatnamasyny taýýarlamaklarynyň wajypdygyny tassykladylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň dostlukly ýurduň metallurgiýa toplumynyň, hususan-da, alýuminiý önümlerine uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy.

Öň Türkmenistan bilen Täjigistanyň ýörite gulluklar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýändigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlary ýola goýlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet sapary tamamlandy
Türkmenistan Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmaga taýýar