Aşgabatda we onuň töwereginde ýene-de ýaşaýyş jaýlaryny ýykýarlar

Türkmenistanyň paýtagtynda hususy jaýlary ýykmak boýunça nobatdaky kampaniýa başlandy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ilkinji nobatda täze kottežler toplumynyň we beýleki binalaryň salynjak etrabynyň ýolunyň ugrunda ýerleşýän jaýlary ýykýarlar.

Hususan-da şu ýerlerdäki hususy jaýlary ýykýarlar:

“Hitrowka” raýonynda, Hoja Ahmet Ýasawy (ozalky Griboýedow) we Gogol köçeleriniň ugrunyň giňeldilýän ýerlerinde;

Änewiň ýolunyň ugrunda ýerleşýän “Gaýynsyz oba” obasynda;

Çoganlyda “Köne jygyllyk” bazaryna eltýän ýoluň ugrunda;

Nogina köçesiniň ugrundaky iki gatly jaýlary;

“8-nji martdaky” we häzir Aşgabada goşulan ozalky Leningrad kolhozyndaky hususy jaýlar hakykatda doly ýykylyp aýryldy.

“Hitrowka” we Çoganly etraplarynda ýykylman galan aýry-aýry jaýlar ýakyn wagtlarda ýykylar.

Çoganlyda ýykylan jaýlaryň deregine, Aşgabat şäher häkiminiň karary boýunça, soňra satmak üçin iki gatly kottežler gurulýar.

Ýykylýan jaýlaryň eýeleri, eger-de haýsydyr bir sebäp bilen wagtynda öz jaýlaryny degişli dokumentler esasynda resmileşdirip bilmedik bolsalar, kompensasiýa hukugyndan kesilýärler.

Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler bilelelşiginiň ekspertleriniň bellemeklerine görä, nädogry resmileşdirilen dokumentler sebäpli kompensasiýa berilmekden ýüz öwrülýän halatlarynyň aglabasynda günä ýerli häkimiýetleriň we kanunçylykdaky kemçilikleriň üstüne düşýär.

Mundan ozal jaýlaryň ýykylýandygy barada “Azatlyk” radiosy we TAH saýty hem habar berdi.

Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň sentýabrynda, V Aziýa oýunlarynyň öňünden, Aşgabatda ýaşaýyş jaý hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna bagyşlap, “Human Rights Watch” guramasy bilen Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasynyň bilelikde ýörite hasabat çap etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabady we onuň töwereklerini tozanly tupan örtdi
Ýangyn söndürijileriň 'taýýarlygy' ýaşaýjylary ilki haýran galdyrdy, soň gynandyrdy
Möhüm seneleriň öňüsyrasynda, welaýat ýaşaýjylary Aşgabatdan kowulýar
Aşgabatda azyk paýlary alty aý bäri paýlanmaýar
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär
Türkmenabatda ýetginjekleriň arasynda ýakalaşyk we talaňçylyk hadysalary köpelýär